payday loans
 

A. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitety

Baş sahypa About University
Uniwersitet barada

ÝOLBAŞÇYLARY
Rektor:  Denis Duk, Taryh Ylymlarynyň Doktory
Birinji prorektor:  Lawrinowiç Dmitriý Sergeewiç, Taryh ylymlarynyň doktory, professor
Terbiýeçilik işiniň prorektory:  Ýasew Wladimir Wiktorowiç, syýasy ylymlarynyň namzady, dosent
Ylym işiniň prorektory:  Starostenko Wiktor Wladimirowiç, filosofiýa ylymlarynyň namzady, dosent
Administratiw-hojalyk işi boýunça prorektor:  Karmyzow Wladimir Fedorowiç
Tejribäni ýokarlandyrmak we esasy işgärleri taýýarlaýan institutyň direktory:  Şardyko Igor Wladimirowiç, taryh ylymlaryň namzady, dosent

Mogilev State A. Kuleshov University Mogilev State A. Kuleshov UniversityA. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitety Belarus Respublikasynyň ilkinji ýokary okuw jaýlarynyň biridir. Esaslandyrylan senesi — 1-nji iýul 1913 ýyl. Häzirki wagtda A. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitety Belarus Respublikasynyň gündogar regionynyň okuw, ylmy we medeni merkezleriniň biridir. Uniwersitetyň esaslanan ýylyndan bäri (1913ýyl) 50 müňden gowrak ýokary professional derejeli hünärmenler bilim aldylar. Olaryň köpüsi — belli mugallymlar, alymlar, ýazyjylar, jemgyýet işgärleri. Belarus Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Aleksandr Lukaşenko hem şu uniwersitety tamamlady. Häzirki wagtda uniwersitetde 8 fakultet, aspirantura, iki sany kolledž, ylmy laboratoriýalar, “Lýubuž’ biologiýa stansiýasy bar. Okuw we ylmy işi kafedralar, ylmy we bilim laboratoriýalar we merkezler tarapyndan amala aşyrylýar. Tebigat, gumanitar, pedagogik we başga ylymlarda barlaglar geçirilýär. Uniwersitetde 500000 kitapdan ybarat uly kitaphana ýerleşýär. Häzirki zaman kompýuterlar we tehnikasy bilen enjamlaşdyrylan kabinetlar we laboratoriýalar okuw prosesiniň ýokary derejesini üpjün etýäler.
Häzirki wagtda Mogilýow Döwlet Uniwersitety Hindistanyň, Gazagystanyň, Moldowanyň, Polşanyň, Russiýa Federasiýasynyň, Serbiýanyň, Ukrainanyň, Fransiýanyň, Hytaýyň, Litwanyň ýokary okuw jaýlary bilen hyzmatdaşlyk ösdürýär. Germaniýanyň, Izraýylyň, Bolgariýanyň, Şwesiýanyň we başga ýurtlaryň medeni merkezleri bilen, daşary ýurt ylmy edaralar, fondlar bilen bilelikde iş alyp barylýar. Daşary ýurt ýokary okw jaýlarynyň wekilleri bilen ylmy-praktiki halkara konferensiýalar, seminarlar yzygiderli geçirilýär. Uniwersitetyň alymlary ylmy-gözleg taslamalaryna işjeň gatnaşýarlar.
2007-nji ýyldan başlap biziň uniwersitetymyzda Azyrbeýjandan, Ermenistandan, Bolgariýadan, Gruziýadan, Yzraýyldan, Eýrandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Litwadan, Moldowadan, Nigeriýadan, Russiýadan, Türkmenistandan, Tursiýadan, Özbegystandan, Ýaponiýadan, Hindystandan gelen talyplar okaýar. Daşary ýurt talyplaryna uniwersitetyň ähli fakultetlarynda, magistraturada hem aspiranturada okamak mümkinçilik berilýär.
Mogilev State A. Kuleshov University Mogilev State A. Kuleshov University
 


Adres:
Kosmonawtow köçesi, 1
212022 şäher Mogilýow
Belarus Respublikasy
Telefon: +375 222 283949
Faks: +375 222 283626
E-mail: ird-msu@mail.ru
   Mogilev.State.University


Информация


Промо-ролик

Путеводитель для Иностранных граждан


Baş sahypa About University