payday loans
 

A. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitety

Baş sahypa Foreign student Application process
Daşary ýurt talyby üçin

A. A. KULEŞOW adyndaky MOGILÝOW DÖWLET UNIWERSITETYNA OKUWA KABUL EDILMEGIŇ DÜZGÜNI

Belarus Respublikasyna okuwa gelmek üçin daşary ýurt raýaty uniwersitetdan okuwa çagyryş hatyny almaly.

OKUWA ÇAGYRYŞ HATY TÖLEGSIZ BERILÝÄR

Okuwa çagyryş hatyny almak üçin dalaşgär uniwersitetyň salgysyna aşakdaky dokumentlary ugratmaly:

  • Bilim hakynda şahadatnamanyň nusgasy
  • Bilim hakynda şahadatnamanyň rus diline terjimesi  we notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy
  • Pasportyň nusgasy
  • Pasportyň rus diline terjimesi we notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy
  • Dogluş hakynda şahadatnamanyň nusgasy
  • Dogluş hakynda şahadatnamanyň rus diline terjimesi we notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy
  • Okuw üçin sowalnama

Şu görkezilen dokumentlary uniwersitetyň elektron adresyna ugradyp bilersiňiz: Этот e-mail адрес защищен от спам-ботов, для его просмотра у Вас должен быть включен Javascript ýa-da poçtanyň üsti bilen.

Dokumentlaryň ugradylýan salgysy:

A. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitety

Halkara aragatnyşyklar bölümi

Mogilýow şäheri, Kosmonawtow köçesi, 1

212022 Belarus Respublikasy

Mogilýow şäherine geleninden soň, daşary ýurt raýaty halkara aragatnaşyklar bölümine ýüz tutmaly we aşakdaky görkezilen dokumentlary eltmeli:

  • Belarus Respublikasynyň okuw wizasy görkezilen pasporty
  • Pasportyň rus diline terjimesi we notarius tarapyndan tassyklanan nusgasyny
  • Migrasiýa talonyny (serhedi geçende berilýär)
  • Okuwa kabul edilmegiň barada arza (arza halkara aragatnaşyk bölüminde doldurylýar)
  • Pasportyň rus diline terjimesi we notarius tarapyndan tassyklanan asyl nusgasy
  • Saglyk hakynda medisina kartasy, sanjym kartasy, AIW infeksiýasynyň ýoklygy hem-de flýurografiýa barlagyndan geçendigi hakynda sertifikat. Dalaşgäriň gelen döwletiniň ofisial saglygy goraýyş organy tarapyndan berlen
  • Medisina kartalaryň rus diline terjimesi we notarius tarapyndan tassyklanan nusgasyny
  • Dogluş hakynda şahadatnamany
  • Dogluş hakynda şahadatnamanyň rus diline terjimesi we notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy
  • 8 sany surat (3x4 sm)

Halkara aragatnaşyk bölüminiň salgysy: Mogilýow, Kosmonawtow köçesi, 1 (uniwersitetyň 1-nji okuw korpusy), 3-nji gat, 309-310 otaglary.

Daşary ýurt raýatlaryň kabul edilýän wagty: Penşenbe-Anna günleri 900–1700, arakesme: 1300–1400, dynç günleri: Şenbe, Ýekşenbe

Telefon: +375 222 283949

Eger-de daşary ýurt raýaty Mogilýowa agşam ýa-da gije gelen ýagdaýynda, ol hökman halkara aragatnaşyklar bölüminiň işgärlerine umumy ýaşaýyş jaýynda ýer almak üçin öňünden ýüz tutmaly.

Ähli dokumentlar kabul edilenden soň, halkara aragatnaşyklar bölümiiniň işgärleri daşary ýurt raýatyny Belarus Respublikasynyň içeri iş organlarynda wagtlaýyn hasaba alyp, uniwersitetyň saglygy saklaýyş bölümine medisina barlagyna ugradýarlar.

  • Belarus Respublikasynyň serhedine geçilen soň 5 günüň dowamynda daşary ýurt raýatynyň wagtlaýyn hasaba alyşy amala aşyrylýar. Wagtlaýyn hasaba alyşyň tölegi — 75000 belorus rubly.
  • Daşary ýurt raýatlarynyň hökmany medisina barlagy uniwersitetyň saglygy saklaýyş punktynda hem saglyk öýinde geçirilýär. Medisina barlagyň tölegi — 30$.

Uniwersitetyň taýýarlaýjy kursynda okamadyk dalaşgärler 1-nji kursa kabul edilmegi üçin rus dili boýunça söhbetdeşlik tabşyrmaly.

Eger-de dalaşgär rus dili boýunça söhbetdeşligi geçip bilmedik ýagdaýynda,oňa uniwersitetyň taýýarlaýjy kursynda okamak hödürlenýär.

Söhbetdeşlik geçirilýän wagtynda dalaşgärlere umumy ýaşaýyş jaýlarynda otaglar tölegli esasynda hödürlenýär.

Söhbetdeşligi şowly tabşyrandan soň daşary ýurt raýaty okuw şertnamasyny baglaşmak üçin halkara aragatnaşyklar bölümine gelmeli. Okuw şertnamasy baglanylyşyndan soň, 15-nji oktýabra çenli şertnamada görkezilen okuw tölegini geçirmeli.

Goşmaça çykdaýjylar:

  • Okuw tölegi
  • Hökmany medisina barlagy — 30$
  • Belarus Respublikasynyň içeri işler organlarynda hasaba alyş — 35$
  • Umumy ýaşaýyş jaýynyň tölegi — 40–50$ aýda
  • Çykyş-giriş wizanyň tölegi — 25$
  • Iýmit (bir hepdelik — 40$), uniwersitetyň naharhanasynda — 3–4$ (ertirlik+günortanlyk)
  • Transport (awtobus, trolleýbus — 5$ aýda), bir gezek ulagda gidiş — 4000 belorus rubly
  • Ýyly egin-eşik we aýak gaplaryň çykdaýjylary — 250–300$

WIZALAR WE HASABA ALYŞ

Daşary ýurt raýaty Belarus Respublikasyna geleninden soň, 5 günüň dowamynda hasaba alynmaly.  Eder-de ol 5 günüň dowamynda hasaba alynmasa, oňa garşy jerime salynar. Wagtlaýyn hasaba alyş wiza dolýança oňarylýar. Wagtlaýyn hasaba alyş üçin:

Gelen güniň halkara aragatnaşyk bölümine sagat 13:00 çenli barmaly.

Halkara aragatnaşyk bölüminiň salgysy: Mogilýow, Kosmonawtow köçesi, 1 (uniwersitetyň 1-nji okuw korpusy), 3-nji gat, 309–310 otaglary.

Daşary ýurt raýatlaryň kabul edilýän wagty: Penşenbe-Anna günleri 900–1700, arakesme: 1300–1400, dynç günleri: Şenbe, Ýekşenbe

Telefon: +375 222 283949

Halkara aragatnaşyk bölümine aşakdaky dokumentlary eltmeli:

  1. Pasport
  2. Migrasiýa kartasy (aeroportda berilýär)
  3. 10 sany surat (3x4 sm)
  4. Hasaba alyşa tölenen kwitansiýa

Eger dalaşgär giriş ekzamenlary şowly tabşyrsa, onuň bilen okuw şertnamasy baglanyşylýar we bir ýyllyk hasaba alyş oňarylýar (wagtlaýyn ýaşama).

Wagtlaýyn ýaşama oňarmak üçin:

  1. Halkara aragatnaşyk bölümine wagtlaýyn hasaba alyşyň dolmaka 15 gün öňünden gelmeli.
  2. Pasportyň nusgasy
  3. Pasportyň rus diline terjimesi we notarius tarapyndan tassyklanan nusgasy
  4. Migrasiýa kartasynyň nusgasy
  5. Wagtlaýyn ýaşamanyň tölegiň kwitansiýasy

Üns beriň! Wagtlaýyn ýaşama her ýyl oňarylýar.


WIZALAR. BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ TERRITORIÝASY WE DAŞARY ÝURTLARA SYÝAHATLAR

Eger-de siziň Belarus Respublikasynyň başga şäherine gezelenç etmek hyýalynyň bar bolsa, siz ol barada fakultetyňyzyň dekanatyny we halkara aragatnaşyklar bölümini haýsy şähere we näçe wagtlyk gitýäniňizi duýdurmaly.

Öz ýurdynyňyza kanikula gitmek üçin siz:

  1. Gitmegiňizden 12 gün öň halkara aragatnaşyklar bölümine gelip, wizaň dokumentlaryny düzetmeli.
  2. Sowalnama ýazmaly
  3. Çykyş-giriş wizanynyň tölegini geçirmeli.
  4. 5 günden soň halkara aragatnaşyklar bölümine wiza üçin pasportyny äkelmeli.

Üns beriň! Migrasiýa kartasyny Belarus Respublikasyna geleňizde HER GEZEK düzetmeli we ýylyň dowamynda ýitirmeli däl. Eger-de bu zatlar ýerine ýetirilmedik ýagdaýynda jerime salynar.

 

Adres:
Kosmonawtow köçesi, 1
212022 şäher Mogilýow
Belarus Respublikasy
Telefon: +375 222 283949
Faks: +375 222 283626
E-mail: ird-msu@mail.ru
   Mogilev.State.University


Информация


Промо-ролик

Путеводитель для Иностранных граждан


Baş sahypa Foreign student Application process