payday loans
 

A. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitety

Baş sahypa Daşary ýurt talyby üçin
Daşary ýurt talyby üçin

Sergei Machekin, head of the International Relations Department
Hormatly dalaşgär!

Biz Sizi A. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitetynda hoş gördük. Biziň uniwersitetymyz Size gerek boljak bilimi, tejribäni, peýdaly maslahatlary almagy hem-de halklaryň arasyndaky medeni aragatnaşygy saklamagy öwredip, Siziň durmuşyňyzda möhüm menzile öwrüler.


A. A. Kuleşow adyndaky Mogilýow Döwlet Uniwersitetynda okamagyň gowy taraplary:

  • Bilimiň ýokary standarty
  • Hünärleriň ähli görnüşleri
  • Halkara tassyklanan diplomlar
  • Rus we belorus dilleriniň düýpli öwrenilişi
  • Dellalsyz uniwersiteta kabul edilmek mümkinçiligi
  • Okuwyň we ýaşaýşyň elýeterli tölegi
  • Dalaşgärleri wiza bilen üpjün etmek
  • Uniwersiteta kabul edilende ýokary kwalifikasiýaly kömek bermek
  • Kabul edilşiň we ýaşaýşyň düzgünleri örän aňsat
  • Leksiýalary okamak üçin daşary ýurt mugallymlary işe çagyrmak
  • Ýewropada iň gowy transport ulaglarynyň biridir
  • Daşary ýurt talyplaryna gowy garaýyş
  • Jynsy babatda kemsidijiligiň ýoklugy
  • IELTS/TOEFL testlarynyň kabul ediliş üçin gerekmezligi
  • Belarus Respublikasy Ýewropanyň merkezinde ýerleşýär. Goňşy ýurtlary: Polşa, Litwa, Latwiýa, Ukraina, Russiýa Federasiýasy
  • Wiza oňarmagyň möhleti-25 gün

Uniwersitet daşary ýurt raýatlaryna 2009-njy ýyldan bäri okuwa çagyryş hatlary ugradylýar. Häzirki wagtda uniwersitetda 250-den gowrak daşary ýurt raýatlary okaýar.

Daşary ýurt raýatlaryň mümkinçilikleri:

  • Döwlet derejesindäki ýokary bilim diplomyny almak (4–5 ýyl)
  • Magistraturada okamak (1 ýyl)
  • Aspiranturada okamak (3 ýyl)
  • Taýýarlaýjy kursda okamak (8 aý)
    Okuw saýlanan hünari rus dilinde okamagy göz öňünde tutýar.
    Okuw ýyly: 1-nji noýabrdan 30-njy iýuna çenli. Taýýarlaýjy kursda okan talyp saýlan fakultetynyň 1-nji kursyna alynýar.
  • Rus dilini ýokary derejeli öwrenme kurslarynda öwrenmek (5 aý)
  • Rus dilini özbaşdak öwrenmek

Uniwersitety tamamlamakdan soň uçurymlara degişli sertifikatlar berilýär.

Daşary ýurt talyplaryň dynç almagy we sport bilen meşgullanmagy üçin ähli şertler döredilen: daşary ýurt tagamlary we milli tanslary bilen tanyşmakda konsertlar geçirilýär. Talyplaryň muzeýlar we teatrlar bilen tanyşmak mümkinçilikleri hem bar.

 

Adres:
Kosmonawtow köçesi, 1
212022 şäher Mogilýow
Belarus Respublikasy
Telefon: +375 222 283949
Faks: +375 222 283626
E-mail: ird-msu@mail.ru
   Mogilev.State.University


Информация


Промо-ролик

Путеводитель для Иностранных граждан


Baş sahypa Daşary ýurt talyby üçin